Daşary ýurda okamaga gitjek raýatlaryň dykgatyna

Daşary ýurda okamaga gitjek raýatlaryň dykgatyna

Daşary ýurtda bilim almaga isleg bildirýän we ozal daşary ýurtda bilim alýan Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalaryny gözden geçirmek işine başlamak göz öňünde tutulýar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň alan maglumatyna görä, daşary ýurt döwletlerinde ilkinji ýokary bilimini alýan, Türkmenistana dolanyp gelen we pandemiýa sebäpli okuw ýerlerine gidip bilmedik, şonuň ýaly-da hususy tertipde daşary ýurt döwletlerine okuw maksatly ilkinji ýokary bilimini almaga isleg bildirýän raýatlaryň resminamalaryny gözden geçirmek we ýörite işçi topara resminamalary hödürlemek işi 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 13-nden sentýabr aýynyň 15-ine çenli wagt aralygynda guralýar.

Topara hödürlemek üçin şu aşakdaky resminamalar talap edilýär.

  • Raýatyň okaýandygy barada kepilnama, çakylyk haty (gelip gidip bilmedik talyplar üçin), raýatyň okuwa gitjek okuw mekdebiniň çakylyk haty (dalaşgärler üçin)
  • Raýatyň okaýandygy baradaky kepilnamanyň, çakylyk hatynyň, raýatyň okuwa gitjek okuw mekdebiniň çakylyk hatynyň türkmen diline tassyklanan tertipde terjimesi
  • Ýerli harby wekillikden gulluga çagyrylmakdan saklanandygy baradaky kepilnama we raýatyň ýerli harby wekilliginde hasaba alnandygy baradaky hasaba alyş kagyzy (prepisnoý), goşun gullugynda bolan raýatlar üçin harby bileti.
  • Talybyň, raýatyň milli we daşary ýurt pasportlary.
  • Görkezilen nusgalar boýunça maglumatlary resminamalar esasynda doldurmak.

Bellik:

1.daşary döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde okamak işleýän raýatlar “Daşary ýurt bilim edaralarynyň öndeliginiň düzýan ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna” girýän okuw mekdeplerine resminamalar hepdäniň duşenbe, sişenbe, çarşenbe, penşenbe, anna günleri ir sagat 9.00-dan 12.00-ä çenli wagt aralygynda kabul edilýär.

2.Daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlaýyş, magistratura, internatura, ordinatura üçin resminamalar kabul edilmeýär

3.2019-njy, 2020-nji ýyllarda daşary döwletleriň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girip Türkmenistana dolanyp gelen we pandemiýa sebäpli okuw ýerlerine gidip bilmedik talyplar “Daşary ýurt bilim edaralarynyň öndeliginiň düzýän okuw mekdepleriniň sanawyna” girmeýän okuw jaýlarynda okaýan bolsalar, onda olar hasaba alynmaýar.

4. Ýokary okuw mekdeplerini tamamlamaga 1 (bir) ýyl galan talyplaryň resminamalaryny ýörite işçi topara hödürlemek üçin kabul edilmeýar

5. Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim almaklary üçin öz ýurtlarynyň çäklerine gelmeklerine rugsat berýändikleri barada resmi habar beren ýurtlaryň sanawy:

1.Koreýa Respublikasy                          

2.Belarus Respublikasy

3.Ukraina                                                 

4.Ermenistan Respublikasy

5.Russiýa Federasiýasy       

6. Amerikanyň Birleşen Ştatlary

7.Saud Arabystany Patyşalygy

8.Gazagystan Respublikasy

9.Pakistan Yslam Respublikasy

10.Türkiýe Respublikasy

11.Gruziýa                                             

12. Italiýa

TÜRKMENİSTANYN BİLİM MİNİSTİRLİĞİ TARAPYNDAN KABUL EDİLYAN UNİVERSİTETLERİN SANAVY ÜÇİN

KAYNAKÇA : ATAVATAN TÜRKMEİSTAN HALKARA HABAR ZURNALY